Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti | |
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti | |
Görnüş | uniwersitet |
---|---|
Rektor | Öwezsähedow Orazgeldi Kakabaýewiç |
Gurlan ýyly | 1931 |
Talyp sany | 8041 |
Fakultetler | 12 |
kafedra | 37 |
salgy | 744000, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31. |
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti ýa-da "Türkmen Döwlet uniwersiteti" Türkmenistanda iň baýry ýokary okuw jaýy bolup, ol Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Uniwersitet 1951-nji ýylda işe başlady. Şu wagtky rektory Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewa. Uniwersitet häzirki wagtda 8000-den gowrak talyba ýokary bilim beryär.
1931-nji ýylda gurulan ýokary okuw jaýynyň ilkinji ady Aşgabat Pedagogika instituty diýilip atlandyrylýar. 1993-nji ýyldan soňra türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakylýar. Ýewropa uniwersitetleriniň asassosiasiýana 1989-njy ýylda agza bolýar.[1]
2017-nji ýylda fransuz firma "Bouygues" jemi 13,500 m² deň bolan TDU-yň täze binasyny bilen kitaphanasyny $40 million amerikan dollara gurdy.[2]
2008-nji ýylyň Senýtabr aýynda fizika we matematika fakulteti açylýar. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.[3]
2011-nji ýylyň Senýabr aýynyň 1 güni geografiýa fakultetiniň täze binasy bilen umumy ýaşaýyş jaýy açylýar.Täze bina 800 talyp sany göwrümli. [4]
Nr. | Ugur | Hünär |
---|---|---|
1. | Fizika we matematika | matematika; fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa |
2. | Maglumat ulgamlary we tehnologiýasy | maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; amaly matematika we informatika |
3. | Tebigy bilimler | biologiýa; daşky gurşawy öwreniş; geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa |
4. | Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri | taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet |
5. | Dil we edebiýat | türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika |
6. | Hukuk işi | hukuk öwreniş |
|access-date=
(help)