Seýdi Ali Reis (1498 – 1563) osmanly admiraly bolupdyr.
Ol 1538-nji ýylda bolan Preweza deňiz söweşinde türk flotunyň çep flangyny dolandyrypdyr. Seýdi şondan soňra Hindi okeanyndaky osmanly flotunyň baştutanlygyna bellenilýär we ol şol wezipedekä Hindistanyň Goa şäherine ýerleşen portugal goşunlarybilen 1554-nji ýylda ençeme gezek söweşe girişýär.
Ol häzirki döwürde özüniň Hindistandan Stambula gaýdyp gelýärkä gören ýurtlaryny suratlandyrýan Mir'ât ül Memâlik (Ýurtlaryň aýnasy, 1557) ýaly kitaplary bilen giňden tanalýar. Onuň nawigasiýa we astronomiýa barada ýazan Mir’ât-ı Kâinât (Älem-jahanyň aýnasy) atly eseri hem bardyr. Mundanam başga Seýdi Ali Reis Kitâb ül Muhit: El Muhit fî İlmi'l Eflâk ve'l Buhûr (Sebitleýin deňizleriň we astronomiýa hem-de nawigasiýa ylymlarynyň kitaby) diýlip atlandyrylýan eserinde nawigasiýanyň tärleri baradaky maglumatlary, ugur kesgitlemegiň, wagt hasaplamagyň, kompas ulanmaklygyň usullaryny, ýyldyzlar, hijri şemmsi hem-de kamary kalendarlar, şemal we deňiz akymlary, şeýle-de Osmanly imperiýasynyň dürli sebitlerindäki portlar, gawanlar, kenarýaka ilatly ýerler we adalar bilen baglanyşykly portulanlary jemläpdir. Onuň kitaplary ençeme dile, şol sanda iňlis diline, fransuz diline, italýan diline, nemes diline, grek diline, arap diline, pars diline, urdu diline we rus diline terjime edilendir we olar osmanly döwründen gelip ýeten iň çeper edebi eserleriniň hataryna girýär diýlip hasap edilýär.
Ol günbatarda Sidi Ali Reis diýlip hem tanalýar.
Seýdi Ali Reis Stambul şäheriniň Galata kwartalynda asyl gelip çykyşy Türkiýäniň Gara deňiz kenarýakasyndaky Sinop şäherinden bolan bir türk maşgalasynda dünýä inýär. Soltan Mehmet II höküm süren döwründe onuň atasy Tersâne Kethüdâsı (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) bolan bolsa, kakasy Hüseýin Reis Altyn Şahyň demirgazyk ýakasynda Stambulyň Galata kwartalynda ýerleşýän Bahriye Dârü's-Sınaasınyň (Harby-deňiz Senagaty Merkezi) Kethüdâsy (Kethuda) bolupdyr. Onuň kakasynyň ýokary çinli deňizçi hem-de harby-deňiz inženeri hökmündäki karýerasy Seýdi Aliniň geljek ykbalyna uly täsirini ýetiripdir. Seýdi Ali heniz ýaş wagty harby-deňiz gorhanasynda işläp başlaýar. Deňizçilige bolan höwesiniň üstesine Seýdi Ali matematika, astronomiýa we geografiýa ýaly takyk ylymlar boýunça gowy bilim hem alýar. Şeýle-de ol edebiýat we teologiýa sapaklarynda kämilleşipdir hem-de ökde şahyr hökmünde özüni tanadypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol harby-deňiz gorhanasynda ýokary çinli ofiser bolup ýetişýär we Reis çinine mynasyp bolýar (Osmanly döwründe bu çin hem kapitan hem-de admiral diýmekligi aňladypdyr).
Rodosyň gabawyndan başlap, Seýdi Ali Reis osmanly flotunyň Ortaýer deňzinde alyp baran ähli iri harby-deňiz kampaniýasyna gatnaşypdyr. Ol Barbarossa Hayreddin Paşanyň 1538-nji ýylda Charles V-niň Keramatly Ligasynyň Andrea Dorianyň dolandyrmagyndaky flotuny doly suratda ýeňlişe sezewar eden Preveza deňiz söweşinde osmanly flotunyň çep ganatyna baştutanlyk edipdir. Mundanam başga ol Sinan Paşa bilen Turgut Reisiň 1551-nji ýylda Liwiýa döwletiniň Tripoli şäherini Ispaniýadan hem-de Malta rysarlaryndan basyp alan flotunda birnäçe gämini dolandyrypdyr. Ondan soňra ol Ortaýer deňziniň günbatar kenarýakasynda bolup geçen harby-deňiz kampaniýalaryna hem gatnaşypdyr.
Soňra Seýdi Ali Reise Azepler Kâtibi, Tersâne Kethüdâsı (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) and Hassa Donanma Reisi (Osmanly Merkezi flotunyň baştutany) çinleri berilýär.
1552-nji ýylyň aýagynda Halap şäherindäki gyşky rezidensiýasynda bolup ýören Soltan Süleýman Ajaýyp Seýdi Ali Reisi Sues (Müsür), Aden (Ýemen) hem-de Basra (Yrak) deňiz portlarynda ýerleşýän Osmanly Hindi okean flotuna baştutan edip belleýär. Ondan öň bu wezipede tanymal osmanly admiraly we kartografy Piri Reis hem-de 1538-nji ýylda bolan Preveza deňiz söweşine gatnaşan admiral Koja Murat Reis hem gulluk edipdirler.
Seýdi Ali Reis sebitdäki köpsanly dini ýerleri hem-de möhüm şäherleri aýlanyp görenden soň 1553-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halap şäherinde ýola rowan bolýar we ahyrsoňy 1554-nji ýylyň fewral aýynyň başynda Pars aýlagyndaky Basra şäherine baryp ýetýär.